744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.02.2026
«Nebitgazçykaryş» trestinde meýilnama 107,69 göterim berjaý edildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky önümçilik kärhanalary şu ýyl hem aýratyn işjeňlik görkezýärler. Şunda konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň işjanly nebitçileriniň işi has bellärliklidir. Olaryň şu ýylyň geçen hasabat döwründe çykaran «gara altynynyň» möçberi 334 müň 210 tonna golaýlady. Netijede, bu babatdaky meýilnamanyň berjaý edilişi 107,69 göterime barabar boldy.

Zähmet üstünliklerinde «Goturdepenebit», «Nebitdagnebit», «Gamyşlyjanebit», «Gumdagnebit», «Galkynyşnebit», «Ýaşyldepe» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň mynasyp goşandy bardyr. Trestiň merdana nebitçileri, esasan hem, ýurdumyzyň günorta-günbatar sebitlerindäki «Nebitlije», «Günorta Gamyşlyja», «Gögerendag», «Uzynada», şeýle hem «Keýmir», «Akpatlawuk», «Altyguýy», «Körpeje», «Guýjuk» we beýleki özleşdirilen nebitli we gaz kondensatly guýularda uglewodorod çig malyny gazyp almakda aýratyn tutanýerlilik görkezdiler.

 

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti