744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.02.2026
Birža söwdalarynda nebit önümleri uly islege eýe boldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 26-njy fewralda geçirilen söwdalaşyklarynda nebit önümlerine uly isleg bildirildi.

Hususan-da, içerki bazarda ýerli işewürlerimiz “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny, “TPP D 30 S” we “TPP Z 30 G” kysymly polipropilenleri, peç ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle-de olar Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden gazbeton bloklaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 9 787 400,00 manada deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy