744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.02.2026
Nebit önümleri ýerli işewürlere ýerlenildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 27-nji fewralda geçirilen söwdalaşyklarynda-da nebit önümlerine uly isleg bildirildi.

Hususan-da, içerki bazarda ýurdumyzyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny we “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda bolsa BAE-niň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda umumy bahasy 2 930 000,00 manada we 2 936 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy