Türkmenistanda 19-njy martda ýurtda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy. Bu çäre Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän, şeýle hem saýlawlaryň geçirilýän gününde — 29-njy martda, dürli sebäplere görä, mynasyp dalaşgäre ses bermek üçin degişli saýlaw uçastoklaryna baryp bilmejek raýatlar üçin geçirilýär.
Jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlygyň çäklerinde saýlaw okruglarynyň jemi 363-si döredilip, olaryň çäginde hereket etjek saýlaw uçastoklarynyň 578-si saýlawlary geçirmäge doly taýýar edildi. Hususan-da, Ahal welaýatynda 77, Balkan welaýatynda 12, Daşoguz welaýatynda 163, Lebap welaýatynda 181, Mary welaýatynda 125, Aşgabat şäherinde 20 saýlaw uçastogy hereket eder. Olar saýlaw býulletenleri, kabinalar we birmeňzeş nusgadaky ses bermek üçin gutular, degişli tehniki enjamlar, saýlawlar boýunça maglumat materiallary, usuly edebiýatlar, kadalaşdyryjy resminamalar, beýleki materiallar bilen üpjün edildi.
Türkmenistanyň raýatlarynyň 658 müň 924-si saýlawlarda ses bermek üçin saýlawçylaryň sanawyna girizildi. Şolaryň 11 müň 373-si ilkinji gezek ses berýän saýlaw hukukly ýaş saýlawçylardyr.
Möhletinden öň ses bermek saýlaw uçastoklarynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçiriler. Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, raýatlar toparlarynyň wekillerinden bellenilen, şeýle-de dalaşgärleriň özleriniň bellän milli synçylarynyň 667-si welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynda bellige alyndy.
Häzirki wagtda dalaşgärler bilen duşuşyklar dowam edýär. Olaryň dowamynda saýlawçylar dalaşgärleriň maksatnamalary bilen tanyşýarlar.