Türkmenistanda nebit we gaz çykarylyşy däp bolşy ýaly orta pliosen çökündiler toplumy bilen baglanyşdyrylýan hem bolsa, soňky döwürde geologlar mezozoý toplumynyň çökündilerine aýratyn üns berip başladylar. Kurin çöketliginde, Demirgazyk Apşeron epilmesinde we Gazagystanyň Oýmaş meýdançasynda mel hem-de ýura çökündilerinden nebit akymlarynyň alynmagy bu ugurdaky barlaglara uly itergi berdi. Şeýle hem Günorta-Günbatar Türkmenistanyň birnäçe meýdançalarynda geçirilen çuň buraw işleri mezozoý çökündilerinde uglewodorodlaryň ep-esli gorlarynyň bardygyny ýüze çykardy. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Hünärmenleriň bellemegine görä, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň gury ýer böleginde pliosen çökündileri boýunça nebitiň başlangyç gorlarynyň 70 göterimden gowragy eýýäm agtaryldy. Häzirki wagtda mezozoý çökündileri bolsa çak edilýän uglewodorod serişdeleriniň takmynan 60 göterimini özünde jemleýär. Bu görkezijiler ýurduň çig mal binýadyny giňeltmek üçin ýakyn geljekde geologik-agtaryş işleriniň göwrümini kesgitli artdyrmagyň zerurdygyny görkezýär.
Geofiziki barlaglaryň maglumatlary Günbatar Türkmen çöketliginde mezozoý çökündileriniň galyňlygynyň 10—12 kilometre ýetýändigini tassyklaýar. Çökündileriň tiz toplanmagy, basyşyň we temperaturanyň ýokarlanmagy nebitiň emele gelmegi üçin amatly geologik şertleri döredipdir. Alymlar kaýnazoý gatlaklaryndaky nebitgaz ýataklarynyň emele gelşini hem has çuňda ýerleşýän mezozoý çökündileri bilen baglanyşdyrýarlar. Uglewodorodlar ýaryklar we läbik wulkanlarynyň kanallary arkaly ýokarky kesimlere migrasiýa edipdirler.
Sebitiň geologik aýratynlyklary we goňşy ýurtlaryň tejribesi hem mezozoý çökündileriniň ulanylmadyk uly mümkinçilikleriniň bardygyny subut edýär. Azerbaýjan, Gazagystan we Eýran ýaly nebitgazly sebitler bilen meňzeş geostruktura eýe bolan bu zolakda geçirilen synaglar eýýäm oňyn netijeleri berýär. Muňa Garadepe meýdançasynyň 23-nji guýusynda alnan nebitgazlylyk alamatlary aýdyň subutnamadyr.
Mundan başga-da, aşaky mel we ýura çökündilerinde güýçli kollektor gatlaklarynyň bolmagy hem-de olaryň galyň toýunly dag jynslary bilen örtülmegi uglewodorodlaryň berk saklanmagyna şert döredýär. Neokom we ýokarky ýura çökündilerindäki karbonat jynslarynyň agdyklyk etmegi bolsa, geologlara bu toplumy geljegi uly bolan bir bitewi litologiýa-stratigrafik maksatnama hökmünde aýratynlaşdyrmaga we täze ýataklary gözlemek işlerini netijeli alyp barmaga mümkinçilik berýär.