«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynda 19-njy oktýabrda gazyň syzyp çykmagyny ýüze çykarýan we aradan aýyrýan ýokary tehnologiýaly LDAR enjamlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi. Bu çäre Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýän hem-de GIZ guramasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «ÝB Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin» maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Dabaraly çärä Germaniýanyň Ilçisi Petra Dachtler, ÝB Wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary jenap Madalinski, «Türkmengaz» DK-nyň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Täze enjamlaryň gowşurylyşy Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» DK-nyň hem-de GIZ-iň arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany amala aşyrmagyň möhüm ädimi boldy. «SENSIA Solutions» kompaniýasynyň döwrebap çözgütleri senagat desgalarynda gazyň syzmagyny hakyky wagt rejiminde takyk gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa gazyň ýitgilerini azaltmak bilen birlikde, Metan boýunça ählumumy ylalaşygyň we Pariž ylalaşygynyň çäklerindäki ekologik borçnamalary ýerine ýetirmäge uly ýardam edýär.
Çäräniň çäklerinde «Türkmengaz» DK-nyň we Ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri üçin üç günlik okuw maslahatyna hem badalga berildi. Maslahatyň maksatnamasy nazaryýet sapaklaryny we Şatlyk şäherindäki «Gündogargazakdyryş» müdürliginiň desgalarynda geçiriljek amaly türgenleşikleri öz içine alýar. GIZ maksatnamasynyň ýolbaşçysy dr. Karolina Milow bu täze tehnologiýalaryň ýurdumyzyň energetika ulgamyny durnukly we howpsuz ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.